Turkmenportal logo
17.04.25
2568225682
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan Ulag diplomatiýasy boýunça Halkara merkez bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar
Türkmenistan Ulag diplomatiýasy boýunça Halkara merkez bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar
Surat: mfa.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ulag diplomatiýasy boýunça Halkara merkeziniň Ýerine ýetiriji sekretary Igor Runowyň arasynda duşuşyk geçirildi.


Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, duşuşygyň barşynda söhbetdeşler halkara gatnawlaryň hukuk we logistika binýadynyň kämilleşdirilmegini ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezdiler.


Bellenilişi ýaly, Türkmenistan ulag ulgamyndaky ysnyşykly we giň gerimli halkara hyzmatdaşlyga berk we yzygiderli ygrarlylyk görkezýär.


Söhbetdeşligiň ahyrynda taraplaryň ulag pudagyndaky gatnaşyklary giňeltmek babatynda täze amaly tekliplere taýýardygy beýan edildi.