Ispaniýada zenan maýyplyk pensiýasyny almak üçin 16 ýyllap lal boldy diýip, «Oddity Central» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» gürrüň berýär.
Andaluziýada bir zenana 16 ýyl mundan öň iş ýerinde bolan betbagtçylykly hadysadan soňra maýyplyk üçin pensiýa bellendi, sebäbi ol gürlemek ukybyny ýitirendigine ynandyrmagy başardy.
Ätiýaçlandyryş kompaniýasy tölegleri tölemekde iki ýyl mundan öň nähilidir bir aldawçylykda şübhelendi, sebäbi lukmançylyk kartlary barlananda, 2009-njy ýyldan bäri zenanyň ýanynda bolan hünärmenleriň hiç biri hem onuň gürlemegi başarmaýandygy barada bellik etmändir.
Kompaniýa şübhelenmäni barlamak üçin ýörite aňtawçy tutundy. Ol yzarlamalar wagtynda «lal» zenanyň işjeň sosial durmuşy alyp barýandygyny, mekdebiň ýanynda beýleki dogan-garyndaşlary bilen erkin gürleşýändigini, eltelefonyndan peýdalanýandygyny gördi. Aňtawçy şeýle-de ol zenandan dükana nädip barsa boljakdygyny sorap, onuň jogabyny wideoýazgy etdi.
Netijede, Andalusiýanyň Ýokary kazyýeti ätiýaçlandyryş kompaniýasynyň peýdasyna höküm çykardy. Häzir zenana garşy jenaýat işi gozgaldy. Oňa uly jerime garaşýar, ätiýaçlandyryş kompaniýasy bolda, onuň 16 ýylda bikanun alan pullaryny yzyna gaýdyp almak üçin göreşmekçi diýlip, habarda bellenýär.