Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa bilen ÝB-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiligine ýokary baha berdi

16:2604.04.2025
0
20928

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Samarkantda geçirilýän «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammitiň mejlisinde Merkezi Aziýa bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky ykdysady we maýa goýum ulgamlarynda, energetika, ulag hem-de söwda pudaklarynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine ýokary baha berýändigini aýtdy. Bu barada TDH habar berdi.

Türkmenistanyň ýewropaly hyzmatdaşlary dikeldilýän energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga çagyrýandygyny belläp, Serdar Berdimuhamedow: «Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen netijeli energodialogy täze derejede ýola goýmaga berk çalyşýar we iş ýüzündäki ädimleri amala aşyrmaga taýýardyr» diýip belledi.

Ulag we kommunikasiýa ulgamlarynyň Gündogar-Günbatar hem-de Günbatar-Gündogar ulag we kommunikasiýa ulgamlaryny döretmegiň esasy bölegidigini belläp, Prezident Serdar Berdimuhamedow bu meselede Hazarüsti ugra uly orun berlip, Türkmenbaşy portunyň kuwwatyny, şeýle hem ýurtdaky ýol ulgamlaryny şu taslama üçin ulanmaga taýýardygyny aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň