Turkmenportal logo
25.03.25
3011330113
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen milli dünýä dilleri instituty halkara olimpiada gatnaşmaga çagyrýar
Türkmen milli dünýä dilleri instituty halkara olimpiada gatnaşmaga çagyrýar

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň dil hünär ugry we dil hünär ugry bolmadyk ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny «Iňlis dili» dersi boýunça IV Halkara internet olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrýar.


Olimpiada şu ýylyň 10-11-nji aprelinde geçiriler. Saýlama tapgyry 1-2-nji aprelde geçiriler – diýlip, Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň saýtynda habar berilýär.


Olimpiýada gatnaşmak isleýän talyplar datmddi.edu.tm resmi saýtynda 31-nji marta çenli hasaba alynmalydyrlar.


Olimpiadanyň açylyş dabarasy 10-njy aprelde institutyň maslahatlar zalynda bolar. Türkmenistanly gatnaşyjylar olimpiada şahsy görnüşde, daşary ýurtly talyplar bolsa oňa onlaýn görnüşde gatnaşyp bilerler.


Olimpiadanyň ýeňijilerine Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň adyndan diplomlar gowşurylar.


Olimpiadanyň düzgünleri baradaky maglumat görkezilen salgylanmada elýeterlidir.


Habarlaşmak üçin elektron poçta: mailto:interolymdatmddi@gmail.com.