24-nji martda degişli ugurlarda gysga möhletli okuwlary geçmek maksady bilen ýurdumyzyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymlarynyň Rumyniýa iş sapary başlandy.
Bu iş sapary Erazmus+ maksatnamasynyň çäklerinde guraldy we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda habar berlişi ýaly, ol 28-nji marta çenli dowam eder.
Okuwlar Alba-Ýuliýa şäheriniň «1 Decembrie 1918» uniwersitetinde geçirilýär.
Birinji gün rumyn kärdeşleri bilen geçirilen duşuşyklaryň çäklerinde türkmen mugallymlary onlaýn kurslary işläp taýýarlamak we bilim işlerini dolandyrmakda tehnologiýalary ulanmak boýunça tejribe alyşdylar.
Taraplar Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Alba-Ýuliýa şäheriniň «1 Decembrie 1918» uniwersitetiniň arasynda bar bolan hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama esaslanyp, uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň geljegini, hususan-da, «Iki derejeli diplom» maksatnamasynyň döredilmegi we ýokary mekdepden soňky okuw babatdaky meseleleri ara alyp maslahatlaşmaklyga aýratyn üns berdiler.
Sapar tamamlanandan soň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymlary bilim meýilnamalaryny we degişli ugurlardaky ylmy gözlegleri ösdürmek we kämilleşdirmek boýunça tejribe bilen tanyşarlar diýlip garaşylýar.
2018-nji ýyldan bäri Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti gol çekilen özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň çäklerinde Rumyniýanyň uniwersiteti bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk edip gelýär. Resminama bilelikdäki barlag işleriniň we taslamalaryň, bilim maksatnamalarynyň, talyplaryň alyş-çalyşlarynyň hem-de hyzmatdaşlygyň beýleki ugurlary boýunça işleriň amala aşyrylmagyny göz öňünde tutýar. Hyzmatdaşlyk etmegiň dowamynda bilelikdäki ylmy gözlegleriň çäklerinde halkara hukugy we kompýuter tehnologiýasy ugurlary boýunça mugallymlary alyşmak ýaly birnäçe bilelikdäki taslamalar durmuşa geçirildi.