Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Ýewraziýa we Afrika halklarynyň assambleýasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

13:1913.03.2025
0
4755
Aşgabatda Ýewraziýa we Afrika halklarynyň assambleýasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi
Surat: Türkmenistanyň Bilim Ministrligi

Häzirki wagtda Ýewraziýa we Afrika halklarynyň assambleýasy hökümete degişli däl halkara bileleşiginiň wekiliýeti Türkmenistanda saparda bolýar. 12-nji martda, saparyň çäklerinde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde bu halkara bileleşigiň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda Türkmenistanda Ýewraziýa we Afrika halklarynyň assambleýasynyň günleri çäresini geçirmek bilen bagly mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de özara gyzyklanma bildirilýän beýleki meseleler boýunça pikir alşyldy.

Ýeri gelende bellesek, Ýewraziýa we Afrika halklarynyň assambleýasy 2016-njy ýylda döredilip, ol ilkibaşda «Ýewraziýa halklarynyň assambleýasy» diýlip atlandyrylýar. 2024-nji ýylyň 23-nji aprelinde bu guramanyň ady «Ýewraziýa we Afrika halklarynyň assambleýasy» diýlip üýtgedilýär. Bu bileleşik döredileli bäri 40-dan gowrak döwletdäki hyzmatdaşlary bilen 220-den gowrak ylalaşyk baglaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň