Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýada geçiriljek EKSPO-2025 serginiň açylyşyna gatnaşar

00:1622.02.2025
0
25253

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Osakada geçiriljek EKSPO-2025 Bütindünýä sergisiniň açylyş dabarasyna, şeýle hem sergide ýaýbaňlandyryljak Türkmenistanyň Milli gününiň dabaralaryna gatnaşar.

Sapar 2025-nji ýylyň aprel aýyna meýilleşdirilýär. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Aşgabatda Ýaponiýanyň Imperatory Naruhitonyň doglan güni mynasybetli geçirilen resmi kabul edişlikde habar berdi.

Meredowyň sözlerine görä, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk, aýratyn-da ykdysady pudakda bar bolan gatnaşyklar durnukly häsiýete eýe boldy. Ýaponiýanyň kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda amala aşyrylan taslamalaryň umumy bahasy takmynan 8 milliard ABŞ-nyň dollaryna barabar boldy.

Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşlarynyň arasynda - Kawasaki, Mitsubishi, Sumitomo, Sojitz we Toyo ýaly ýapon kompaniýalary bar, olar himiýa pudagynda we elektrik energetikasy pudagynda iri senagat toplumlaryny gurmak boýunça taslamalara gatnaşdylar. Ýurdumyza Komatsu kompaniýasynyň tehnikalaryny we Toyota kompaniýasynyň awtoulaglaryny satyn almak boýunça üstünlikli amala aşyrylýan taslamalar aýratyn bellenildi.

Medeni we ynsanperwer ulgamda hem gatnaşyklar berkidilýär. Ýapon dili Türkmenistanyň 6 sany ýokary okuw mekdebinde we 12 orta mekdepde öwredilýär. Bu dili ýurduň 15 müňden gowrak raýaty, şol sanda 3,5 müňe golaý talyp we 11,5 müň mekdep okuwçysy öwrenýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň