Iş sapary bilen Tähranda saparda bolýan wise-premýer Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti şu gün Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian tarapyndan kabul edildi. Bu barada Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň Metbugat gullugy habar berdi.
Duşuşygyň barşynda Prezident Masud Pezeşkian Eýran Yslam Respublikasynyň goňşy döwletler, şol sanda Türkmenistan bilen hem gatnaşyklaryň gerimini giňeltmegiň we dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň tarapdarydygyny belledi.
Şeýle-de Eýranyň Prezidenti ýaňy-ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bolan telefon arkaly söhbetdeşlige ünsi çekmek bilen, Türkmenistanyň Hökümeti bilen mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň ugurlaryny öwrenmek we bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegini çaltlaşdyrmak üçin degişli düzümler zerur görkezmeleriň berlendigini nygtady.
Mundan başga-da, Eýranyň Hazarýaka ýurtlar bilen parahatçylyk, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk esasynda gatnaşyklary giňeltmek isleýändigi mälim edildi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow Eýranyň Prezidentine türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Prezident Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamlaryny we hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi.
Türkmen tarapy ulag, energetika ýaly dürli ugurlar boýunça türkmen we eýran kompaniýalarynyň arasyndaky ylalaşyklara hem-de bilelikdäki hyzmatdaşlyk taslamalaryna ünsi çekip, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ähli ugurlarda ösdürmäge çagyrdy.
Mundan başga-da, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegi bilen bagly meselä garaldy. Hökümetara toparyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmeginiň Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň ösmegine itergi berjekdigine umyt bildirildi. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň Türkmenistanyň Hökümeti üçin möhüm ähmiýete eýedigi nygtaldy.
Türkmenistanyň daşary işler ministri Eýranyň Prezidentini Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly bilen bagly Türkmenistanda guraljak ýokary derejeli halkara çärelere gatnaşmaga çagyrdy. Şeýle-de golaýda Tähranda geçiriljek Hazar sammitine Türkmenistanyň ýokary derejeli wekiliýetiniň gatnaşjakdygy aýdyldy.
Duşuşygyň barşynda sebit we halkara gün tertibiniň meseleleri boýunça-da pikir alşyldy.