Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

ABŞ-nyň 40 ştatynda syrgynlara we buzly ýagyşlara garaşylýar

17:0912.02.2025
0
19401
ABŞ-nyň 40 ştatynda syrgynlara we buzly ýagyşlara garaşylýar
Surat: mir24.tv

ABŞ-nyň atlantik kenar ýakalaryna güýçli gar ýagdy. Milli howa gullugynyň maglumatlaryna görä, ýurduň ştatlarynyň 40-syna syrgynlar we buzly ýagynlar garaşýar. Bu barada «MIR24» ýazýar.

Kyn howa şertleri ýurduň Demirgazyk Karolina we Wirjiniýa ştatlarynda has-da özüni bildirer. Ol ýerlerde sowuk howa elektrik geçirijileriň hatardan çykmagyna we awtoulag ýollarynda bökdençliklere getirip biler.

Güýçli gyş harasaty barada Waşingtonyň ýaşaýjylary duýduryldy. Ol ýerde eýýäm soňky iki ýyldakydan hem kän gar ýagdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň