Turkmenportal logo
31.01.25
2476324763
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara olimpiadalar geçiriler
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara olimpiadalar geçiriler

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde şu ýylyň fewral-mart aýlarynda sanly ulgam arkaly halkara okuw-usuly maslahaty we olimpiadalary geçirmäge taýýarlyk görülýär. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Orazdurdyýewanyň hasabatynda aýdyldy.


Hasabatda bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli taýýarlanylan «Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasyndan» ugur alnyp, 28-nji fewralda Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň BMG-niň agzalygyna kabul edilmeginiň 33 ýyllygy mynasybetli «Dil – hoşniýetli gatnaşyklaryň möhüm serişdesi» atly halkara okuw-usuly maslahatyny, 10-15-nji mart aralygynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda nazary mehanika dersinden IV Açyk halkara internet olimpiadasyny, 18-nji martda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda materiallaryň garşylygy dersinden IV Açyk halkara internet olimpiadasyny geçirmek meýilleşdirilýär.


Halkara okuw-usuly maslahata we olimpiadalara Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, professor-mugallymlary, alymlary bilen bir hatarda, Russiýa Federasiýasynyň, ABŞ-nyň, HHR-iň, Koreýa Respublikasynyň, BAE-niň, Awstriýa Respublikasynyň, GFR-iň, Rumyniýanyň, Türkiýe Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Malaýziýanyň, Özbegistan we Gazagystan Respublikalarynyň hem-de beýleki onlarça döwletleriň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň zehinli ýaşlarynyň, alymlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.


Wise-premýer bular barada aýdyp, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.


Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesliň zehin-başarnygyny ösdürmäge, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy berkitmäge möhüm ähmiýet berilýändigini nygtady.


Döwlet Baştutany ýurduň degişli ýokary okuw mekdeplerinde sanly ulgam arkaly halkara okuw-usuly maslahaty hem-de açyk halkara internet olimpiadalaryny geçirmek baradaky teklibi makullap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.