Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Bişkekde «Magtymguly — dünýäniň akyldary» kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

16:4930.01.2025
0
16110

30-njy ýanwarda Türkmenistanyň Gyrgyzystan Respublikasyndaky ilçihanasynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegine bagyşlanan çäre, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, çärä türkmen diasporasynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem Gyrgyz Respublikasynyň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda 2025-nji ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň bellenilýändigine, bu ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegine aýratyn üns çekildi.

Kitabyň tanyşdyrylyş dabarasynyň çäginde giň okyjylara niýetlenen eseriň beýik şahyryň baý edebi mirasyny, dünýä medeniýetine goşan goşandyny, onuň ýubileýine bagyşlanan çäreleri we Türkmenistanyň gazanan üstünliklerini açyp görkezýändigi bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň