2024-nji ýylda Türkmenistan bilen Azerbýjanyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy 400 million amerikan dollaryna golaý boldy. Bu barada Azerbýjanyň Döwlet gümrük komitetine salgylanyp, «Trend» habar berdi.
Hasabat döwründe Türkmenistanyň Azerbaýjana eksporty 303 million 471 müň amerikan dollaryndan geçdi. Ýurduň Azerbaýjandan amala aşyran importynyň umumy bahasy bolsa 80 million 242 müň amerikan dollaryna deň boldy.
Şeýlelikde, iki ýurduň arasyndaky özara söwda dolanyşygynyň 383,9 million amerikan dollaryna barabar bolandygyny görmek bolýar.
Ýeri gelende bellesek, geçen ýyl Azerbaýjanyň daşary söwda dolanyşygy 47,6 milliard amerikan dollaryna deň bolup, şonuň 26,55 milliardy eksportyň, 21,05 milliardy bolsa importyň paýyna düşýär.