Turkmenportal logo
29.01.25
1767117671
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
2024-nji ýylyň jemleri boýunça «Farap» gümrük nokady Türkmenistanyň iň gowy gümrükhanasy diýlip ykrar edildi
2024-nji ýylyň jemleri boýunça «Farap» gümrük nokady Türkmenistanyň iň gowy gümrükhanasy diýlip ykrar edildi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan geçirilen bäsleşigiň netijeleri boýunça Lebap welaýatynyň gümrüginiň «Farap awtoýollary» gümrük nokady 2024-nji ýyl boýunça «Ýylyň gümrük nokady» diýlip ykrar edildi.


«Ýylyň gümrük nokady» diýlen at geçen ýylyň dowamynda ýokary iş görkezijileri, şeýle hem gümrük nokadynyň we onuň töweregindäki çägiň talabalaýyk saklanylmagy üçin berildi. Bu barada gümrük gullugynyň saýtynda habar berilýär.


Dabaraly sylaglama dabarasy 27-nji ýanwarda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli geçirildi.


Şeýle hem ýylyň «Göreldeli gümrük işgäri» bäsleşiginiň jemleri jemlenildi. Bäsleşikde dalaşgäriň gulluk we zähmet düzgün-tertibiniň ýagdaýy, wezipeli adamlaryň umumy hünär derejesi, gulluk borçlaryny göreldeli we päk ýürekli ýerine ýetirmekde gazanan ýokary üstünlikleri hasaba alyndy. Saýtda bellenilişi ýaly, bäsleşigiň ýeňijilerine hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.