Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

2024-nji ýylda Türkmenistanyň Özbegistana eksporty 1 milliard dollardan geçdi

22:2520.01.2025
0
14306

2024-nji ýylda Türkmenistanyň özbek bazaryna amala aşyran eksporty 1 milliard amerikan dollaryndan geçdi. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentligi habar berýär.

Çeşmede bellenilişine görä, 2024-nji ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda türkmen-özbek söwda dolanyşygy 1 milliard 148,2 million amerikan dollaryna deň boldy. Deňeşdirmek üçin, bu görkeziji 2023-nji ýylda 1 milliard 95,9 million amerikan dollaryna barabar bolupdy. Netijede Türkmenistan Özbegistanyň iň esasy daşary söwda hyzmatdaşlarynyň sanawynda ýedinji ýerden orun aldy.

Hasabat döwründe Türkmenistanyň Özbegistana amala aşyran eksportynyň umumy mukdary 2023-nji ýyldakydan 95,8 million amerikan dollary möçberinde artyp, 1 milliard 20 million amerikan dollaryna barabar boldy. Şeýlelikde, Türkmenistan Özbegistanyň importynda ýedinji orny eýeledi.

Geçen ýylda Türkmenistanyň Özbegistandan import eden harytlarynyň we hyzmatlarynyň umumy bahasy 128,2 million amerikan dollaryna deň boldy. Bu görkeziji 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 43,4 million amerikan dollary möçberinde azdyr.

Ýeri gelende bellesek, 2024-nji ýylda Özbegistanyň umumy daşary söwda dolanyşygy 65 milliard 934 amerikan dollaryndan gowrak boldy. Şonuň 26 milliard 948 milliony eksportyň, 38 milliard 985 milliony bolsa importyň paýyna düşýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň