Turkmenportal logo
23.12.24
2458624586
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
BRIKS guramasynyň 2025-nji ýyldaky nyşany gowaça agajy bolar
BRIKS guramasynyň 2025-nji ýyldaky nyşany gowaça agajy bolarSurat: Regnum.ru

Braziliýanyň Hökümeti ýurduň geljek ýylda BRIKS halkara guramasynda başlyklyk etmeginiň nyşanyny (logotipini) çap etdi. Onda Amazoniýa jeňňelliklerinde ösýän sumauma atly gowaça agajy şekillendirildi diýip, «Regnum.ru» habar berdi.


«BRIKS guramasynyň ýurtlarynyň baýdaklarynyň reňk öwüşginleriniň we Amazoniýanyň mähnet tropiki tokaýlyklarynyň esasynda Braziliýanyň Prezidenti Luis Inasiu Lula da Silwa guramanyň 2025-nji ýyldaky nyşanyny hödürleýär. Ol BRIKS-iň diplomatiki, sosial-ykdysady we syýasy beýikligini alamatlandyrýar» diýlip, ýurduň döwlet Baştutanynyň metbugat gullugynyň habarynda bellenýär.


Täze nyşanda merdemsi kökleri we ýaýbaň şahalary bolan daragt şekillendirilip, ol bileleşigiň agzalarynyň arasynda berkligi aňladýar. Onuň şahalarynda agza döwletleriň baýdaklarynyň reňkine boýalan dürli reňkli üçburçluklar ýerleşdirilipdir.


Braziliýa 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan BRIKS-de başlyklyk eder.