Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 18-19-njy dekabrda Malaýziýa iki günlük resmi sapary amala aşyrdy. Saparyň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda şu Bilelikdäki Beýannama kabul edildi:
1. Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň Premýer-ministri hormatly Dato Seri Anwar bin Ibrahimiň çagyrmagy boýunça 2024-nji ýylyň 18-19-njy dekabrynda Malaýziýa resmi sapary amala aşyrdy.
2. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa ilkinji sapary Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky berk gatnaşyklaryň tassyklanmasy bolup durýar. 1992-nji ýylyň 17-nji maýynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan pursadyndan başlap, iki döwlet gyzyklanma bildirilýän dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy amala aşyrýar. Nebitgaz senagaty babatda hyzmatdaşlygyň netijesinde gatnaşyklar has-da pugtalandy. Bu bolsa iki ýurt üçin hem örän möhüm bolup durýar.
3. Saparyň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Premýer-ministriň edarasynda, Perdana meýdançasynda dabaraly garşylanyldy. Gutlag dabarasyndan soňra, Prezident Serdar Berdimuhamedow Premýer-ministr Anwar Ibrahim bilen Putrajaýada ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdi. Taraplar mähirli we ýürekdeşlik ýagdaýynda çuň mazmunly gepleşikleri geçirdiler. Ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda özara gyzyklanma bildirilýän ikitaraplaýyn, halkara we sebit meseleleriniň giň toplumyna seredildi.
4. Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmegiň möhümdigini bellediler. Munuň özi iki ýurduň halklarynyň arasynda dostlugy pugtalandyrmaga düýpli goşant goşýar. Taraplar dürli sebit we halkara guramalarda ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmegi dowam etdirmek barada ylalaşdylar.
5. Umumy garaýyşlaryny beýan etmek bilen, taraplar energetika pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň möhümdigine ünsi çekip, bu ugurda «PETRONAS» kompaniýasynyň köpýyllyk oňyn tejribesini bellediler. Taraplar nebitgaz pudagyna örän uly ähmiýet berip, yzygiderli ösüşe, abadançylyga gönükdirilen berk we uzak möhletli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ygrarlydyklaryny nygtadylar. Bu iki ýurduň hem özara bähbitlilik ruhunda täze mümkinçilikleri öwrenmäge eýerýändigini tassyklaýar.
6. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek bilen, taraplar dürli derejede yzygiderli gatnaşyklary, geňeşmeleri we ysnyşykly utgaşdyrmalary goldamagyň zerurdygyny ykrar etdiler. Şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we beýleki möhüm halkara guramalaryň, halkara duşuşyklardyr maslahatlaryň çäklerinde halkara meseleler boýunça garaýyşlary hem-de pikirleri yzygiderli alyşmaga ýardam bermek barada ylalaşdylar.
7. Taraplar Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçiliginiň bardygy bilen ylalaşdylar. Iki ýurduň ähli ykdysady mümkinçiligini durmuşa geçirmek üçin ony deňlik we özara bähbitlilik esasynda ösdürmäge taýýardygyny beýan etdiler. Şunuň bilen baglylykda, taraplar Türkmen-malaý işewürler geňeşini döretmäge taýýardyklaryny makulladylar.
8. Geljege nazar aýlamak bilen, taraplar ulag, medeniýet, bilim, syýahatçylyk, sport babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigini bellediler. Bu bolsa Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga oňyn ýardam berer.
9. Şeýle hem taraplar adamlaryň arasyndaky gatnaşyklara, özara düşünişmäge ýardam bermek maksady bilen, ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy-barlag institutlarynyň arasynda alyş-çalyş maksatnamasyny mundan beýläk-de berkitmegiň zerurdygy bilen ylalaşdylar. Taraplar ýokary bilim ulgamynda has çuňňur hyzmatdaşlyk etmäge ýardam bermäge eýerýändiklerini tassyklap, iki ýurduň döwlet we hususy institutlarynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamalara gol çekilmegini makulladylar.
10. Taraplar Türkmenistanyň Hökümeti bilen Malaýziýanyň Hökümetiniň arasynda syýahatçylyk babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Malaýziýanyň Halkara söwda-senagat edarasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama, şeýle hem Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Malaýziýanyň Milli söwda-senagat edarasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegini makulladylar.
11. Şeýle hem taraplar diplomatik we resmi pasportlaryň eýeleri üçin wiza talaplaryny bölekleýin ýatyrmak hakynda Ylalaşyk (PVAA), howa gatnawlary (ASA) we awiasiýa senagaty hakynda Ylalaşyk boýunça Türkmenistanyň hem-de Malaýziýanyň arasynda, iki ýurduň Halkara gatnaşyklary institutlarynyň arasynda diplomatlary taýýarlamak we ylmy alyş-çalyş barada hyzmatdaşlyk etmek boýunça notalary alyşmagyň şaýady boldular.
12. Taraplar sebit we halkara derejede ynanyşmak we özara düşünişmek ýagdaýyny döretmek, durnuklylygy pugtalandyrmak boýunça ylalaşylan tagallalaryň zerurdygyny nygtadylar. Bu düzgünler ASEAN-yň parahatçylyk, azatlyk we bitaraplyk zolagynda (PABZ), Merkezi Aziýada parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagyny döretmek barada Türkmenistanyň başlangyjynda hem beýan edildi. Malaýziýanyň 2025-nji ýylda ASEAN-da başlyklygy kabul etmäge taýýarlyk görýändigi bilen baglylykda, Türkmenistanyň berýän goldawy bu umumy garaýşy has-da berkidýär. Özara düşünişmäge, sebit garaşsyzlygyna, howpsuzlygy üpjün etmek boýunça bilelikdäki tagallalara ýardam berýär. Malaýziýa Türkmenistany Günorta-Gündogar Aziýada Dostluk we hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama goşulmak meselesine seretmäge çagyrýar.
13. Taraplar Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2024-nji ýylyň 21-nji martyndaky №78/266 Kararnamasyna laýyklykda, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegini goldadylar.
14. Taraplar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabatda halkara forumyň geçirilmegi we Malaýziýanyň 2025-nji ýylda ASEAN-da başlyklyk etmegi ýaly, iki döwletiň öňe süren halkara we sebit derejelerindäki başlangyçlarynyň möhümdigini bellediler.
15. Taraplar halkara meseleleriň parahatçylykly serişdeler arkaly, halkara hukuga we Birleşen Milletler Guramasynyň degişli Kararnamalaryna laýyklykda çözülmelidigini tassykladylar.
16. Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň wekiliýetiniň Malaýziýada bolan döwründe mähirli kabul edilendigi hem-de ak ýürekli myhmansöýerlik üçin Premýer-ministr Anwar Ibrahime we Malaýziýanyň halkyna çuňňur minnetdarlyk bildirdi.
17. Şeýle hem Prezident Serdar Berdimuhamedow pursatdan peýdalanyp, Premýer-ministr Anwar Ibrahime özara sapar bilen Türkmenistana gelmäge çakylygy gowşurdy. Premýer-ministr Anwar Ibrahim çakylygy minnetdarlyk bilen kabul etdi. Iki tarap saparyň möhletleriniň diplomatik ýollar boýunça kesgitleniljekdigi barada ylalaşdylar.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Malaýziýanyň Premýer-ministri
Dato Seri Anwar bin IBRAHIM.
Putrajaýa şäheri, 2024-nji ýylyň 19-njy dekabry.