Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen-türk özara maýa goýumlary 200 million dollardan geçdi

15:2006.12.2024
0
11550

Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky özara maýa goýumlarynyň mukdary 200 million amerikan dollaryndan geçdi. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkiýäniň söwda ministri Omer Bolat bilen bolan duşuşygyna salgylanyp, NCA portaly habar berdi.

Duşuşykda taraplar iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ministr O.Bolat, esasan hem, soňky döwürde ikitaraplaýyn gatnaşyklarda möhüm öňegidişligiň duýulýandygyny belläp geçdi. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň mukdarynyň 2,7 milliard amerikan dollara golaýlandygy, türk potratçylarynyň Türkmenistanda umumy bahasy 53,5 milliard amerikan dollarlyk 1100 töweregi taslamany durmuşa geçirendigi nygtaldy.

Ministr söwda, maýa goýum we potratçylyk işlerinde hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi. Şeýle-de synagdan geçen türk potratçylarynyň Türkmenistanda täze taslamalary durmuşa geçirmäge taýýardyklaryny belledi.

Mundan başga-da, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekdäki ornuna aýratyn üns berildi. Hökümetara toparyň indiki mejlisiniň 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde Türkiýäniň wise-prezidentiň ýolbaşçylygynda Türkiýede geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Türkiýäniň söwda ministri O.Bolat, esasan hem, söwda, energetika, ulag-logistika ugurlarynda türk-türkmen gatnaşyklarynyň uly mümkinçiliklere eýedigine ünsi çekdi. Şu nukdaýnazardan Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň indiki mejlisiniň bu mümkinçilikleriň has-da netijeli durmuşa geçirilmegine goşant goşjakdygyna umyt bildirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň