Owganystanyň iň uly energiýa kompaniýasy bolan «Da Afghanistan Breshna Sherkat-nyň» (DABS) baş direktory Abdul Bari Omaryň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet ýakynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) elektrik geçiriji taslamasy we beýleki energiýa hyzmatdaşlygy başlangyçlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin Türkmenistanda saparda boldy. Bu barada «Newscentralasia» habar berdi.
Sapar wagtynda owgan wekiliýeti Türkmenistanyň energiýa pudagynyň wekilleri, «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň baş müdiri we TOP ugry boýunça halkara elektroenergetika taslamalarynyň müdirliginiň başlygy M.Artykow bilen duşuşdy.
Ara alyp maslahatlaşmalar 2025-nji ýylda energiýa satyn almak şertnamasyna we hyzmatdaşlygyň beýleki ugurlaryna gönükdirildi.
Abdul Bari Omar Owganystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhümdigini, energiýa hyzmatdaşlygynyň giňeldilmeginiň mümkinçiliklerine ünsi çekdi. Şeýle hem ol Owganystana yzygiderli goldaw berýändigi üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi.