Dünýäniň 80-den gowrak döwleti Braziliýanyň başlangyjy esasynda döredilen Açlyga we garyplyga garşy göreş boýunça ählumumy bileleşige goşuldylar. Bu barada Braziliýanyň Prezidenti Inasiu Lula da Silwa «Uly ýigrimiligiň» (G20) Rio-de-Žaneýroda geçen sammitiniň açylyşynda habar berdi diýip, TASS ýazýar.
Habara görä, bileleşige 82 ýurt, 26 halkara gurama, 9 maliýe instituty we 31 sany hökümete garaşsyz we haýyr-sahawat guramalary goşuldylar. Olaryň arasynda Russiýa, Hytaý, ABŞ, Argentina, Afrika we Ýewropa bileleşikleri bar.
Ýeri gelende bellesek, Açlyga we garyplyga garşy göreş boýunça ählumumy bileleşik şu ýyl «Uly ýigrimilikde» başlyklyk eden Braziliýanyň ileri tutýan başlangyjydyr. Onuň maksady dünýäde garyplygy we açlygy kemeltmek boýunça täsirliligini görkezen köpçülikleýin syýasy çäreleri hem-de usullary ornaşdyrmak boýunça serişdeleri we tagallalary birleşdirmekdir.