Ozal habar berşimiz ýaly, Aşgabatda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyryldy. Dabaranyň çäklerinde türkmen alabaýynyň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda we teleýaýlymlarda çeper beýan etmek boýunça suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň we teleoperatorlaryň arasyndaky döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Bu barada TDH habar berdi.
Bäsleşige ussat halypalar bilen birlikde, döredijilik ýoluna täze gadam basan ýaşlar hem gatnaşdylar.
Şunlukda, ýeňijilere — türkmen alabaýynyň daşky keşbi şekillendirilen «Türkmen alabaýy» atly haly eseri üçin «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy A.Orazgulyýewa; «Türkmen alabaýy» atly surat eseri üçin Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungaty fakultetiniň nakgaşçylyk kafedrasynyň mugallymy B.Sytdyhowa; «Edermen türkmen alabaýy» atly heýkel eseri üçin Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungaty fakultetiniň heýkeltaraşlyk kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby G.Şöhratgeldiýewa; «Türkmen alabaýlary» atly neşir işi üçin Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň dizaýn kafedrasynyň mugallymy Ata Muhammet Ahmede; «Edermen türkmen alabaýy» atly teleoperatorçylyk işi üçin Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçysy E.Çaryýewe Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan degişli şahadatnamalar we sowgatlar gowşuryldy.