Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aýyjyk Paddington Britaniýanyň resmi pasportyny aldy

17:3323.10.2024
0
13072
Aýyjyk Paddington Britaniýanyň resmi pasportyny aldy
Surat: rbc.ru

Beýik Britaniýanyň Içeri işler ministrligi kino gahrymany— aýyjyk Paddingtona resmi britan pasportyny gowşurdy. Bu barada «The Guardian» neşirine salgylanýan «rbc.ru» portaly habar berdi.

«Paddingtonyň başdan geçirmeleri 3» filminiň surata alynýan döwri prodýuser Rob Silwa Paddington üçin kinoda ulanmak maksady bilen pasport bermek baradaky haýyş bilen Içeri işler ministrligine ýüz tutdy. Ministrligiň işgärleri haýyşa seslenip, aýyjyk üçin hakyky fotosuratly pasport berdiler hem-de onda Paddingtonyň aýydygy görkezdiler.

Aýyjyk Paddington Beýik Britaniýada rowaýaty kino gahrymanydyr. 2022-nji ýylda Patyşa maşgalasynyň «Youtubedäki» resmi sahypasynda Şa aýal Ýelizaweta II ýurdy dolandyrmagynyň 70 ýyllygyna gabatlanyp, wideorolik ýerleşdirildi. Onda Şa aýal Paddingtony Bukingem köşgüne çaý içişlige çagyrýar. Roligiň ahyrynda ol torbajygyndan Paddingtonyň halaýan nygmatyny – marmeladly çörek çykaryp, aýyjyga hödür edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň