Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Zyýat Hil» siziň dabaralaryňyz üçin süýji çözgütleri hödürleýär

10:5619.10.2024
0
18451

Meşhur türkmen konditer önümleriniň tory «Zyýat Hil» dürli dabara çäreleri üçin süýjülikleri taýýarlamak babatda sargytlary kabul edýändigini ýatladýar. «Zyýat Hil» toýlar, sadaka we beýleki dabaralar üçin hem toý eýeleriniň saçaklaryny özboluşly süýjülikler bilen bezäp, myhmanlary datly nygmatlar bilen garşy almagy üçin hyzmatlaryny ýetirýär.

«Zyýat Hil» müşderilere her edilýän sargyda özbaşdak çemeleşýändigini mälim edýär. Kärhananyň hünärmenleri her dabarany özboluşly we ýatda galyjy etmek üçin süýjülikleriň dizaýn hem tagam aýratynlyklary ýaly ähli zerurlyklary ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyrlar.

Önümleriň ýokary hilli bolmagyny üpjün etmek we müşderileriň ähli isleglerini göz öňünde tutmak üçin «Zyýat Hil» süýjülikleri meýilnamalaşdyrylýan dabaradan azyndan üç gün öň sargyt etmegi soraýar. Bu konditer hünärmenlerine üns bilen aşpezlik sungatynyň hakyky eserlerini döretmäge mümkinçilik berer.

«Zyýat Hil» konditer önümleri dükanlarynyň salgylary we telefon belgileri:

  • Büzmeýin etraby, Abadan şaýoly, 254-nji jaý, habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 12) 35 37 13 we (+993 62) 02 13 61;
  • Garadaşaýak ýaşaýyş toplumy, «Seýran» söwda merkezi, telefon belgileri: (+993 12) 29 35 03 hem-de (+993 62) 02 13 62;
  • Gurtly ýaşaýyş toplumy, 3-nji jaý, 1-nji gat, telefon belgileri: (+993 12) 97 95 06 (+993 62) 02 13 63.

Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

«Zyýat Hil» dükanlarynyň 150 manatdan az bolmadyk möçberde süýjülik sargyt eden müşderilere Aşgabat şäheriniň we Gökdepe etrabynyň çägine mugt eltip bermek hyzmatyny ýetirýändigini ýatladýarys.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň