15-nji oktýabrda «Ýyldyz» myhmanhanasynda Malaýziýanyň Milli güni mynasybetli kabul edişlik guraldy. Malaýziýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň guramagynda geçirilen çärede Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow hem-de Malaýziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mohd Suhaimi Bin Ahmad Tajuddin söz sözledi. Bu barada newscentralasia habar berýär.
Ilçi öz çykyşynda Malaýziýanyň Milli gününiň 67 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabara gatnaşýan ähli myhmanlara minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem ol ýurduň şu güne çenli geçen ýoly, gazanan üstünlikleri barada gürrüň berdi. Türkmenistan bilen ykdysady, medeni, ynsanperwer ugurlarda alnyp barylýan hyzmatdaşlyklar barada durup geçdi.
Ilçi Mohd Suhaimi Bin Ahmad Tajuddiniň belleýşi ýaly, «Petronas» Türkmenistanyň degişli edaralary bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Nebite we gaza baý türkmen känleri maýa goýumlary we netijeli hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikdir.
«Malaýziýanyň uniwersitetlerinde ýokary bilim alýan türkmen talyplarynyň we ýurdumyza barýan türkmen syýahatçylarynyň sanynyň köpelendigine begenýäris. Türkmenistan howa ýollarynyň üstümizdäki ýylyň fewral aýynda Aşgabatdan Kuala-Lumpur şäherine göni uçuşlary ýola goýandygy we iki ýurduň arasyndaky syýahatçylygy has ýeňilleşdirendigi üçin begenjimiň çägi ýok»-diýip ilçi öz çykyşynda belledi.