Turkmenportal logo
15.10.24
1142811428
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
BSGG-niň Ýewropa sebit edarasynyň wekiliýeti Türkmenistanda saparda boldy
Surat: turkmenistan.gov.tm

Oktýabr aýynyň 8 — 10-y aralygynda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebit edarasynyň birinji toparynyň wekilleriniň Türkmenistanyň inçekesele garşy göreşmek boýunça Milli maksatnamasyny gözden geçirmek boýunça ýurdumyza sapary boldy.


«Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiriniň habar bermegine görä, inçekesele we dermanlaryň ençemesine durnukly inçekesele toplumlaýyn epidemiologik syn geçirmek – toparyň esasy maksady boldy.


Toparyň agzalary, şeýle hem inçekesel barada hasaba alyş we hasabat resminamalaryny ýöretmek üçin elektron ulgam bolan Türkmenistanda TB-RRIS maksatnamasyny utgaşdyryjylar bilen duşuşyklar geçirdiler. Wekiller Aşgabat şäheriniň we Ahal welaýatynyň lukmançylyk edaralaryna baryp gördüler.