Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

7-9 oktýabrda Türkmenistanda Gazagystanyň Medeniýet günleri geçiriler

11:3105.10.2024
0
10841

7-9 oktýabrda Türkmenistanda Gazagystanyň Medeniýet günleri geçiriler, onuň çäklerinde çäreleriň baý maksatnamasy meýilleşdirilýär. Aşgabadyň ýaşaýjylary we myhmanlary goňşy ýurduň gazak kinosyny, saz sungatyny we halk däp-dessurlary bilen bu ýerde tanşyp bilerler.

Medeniýet günleriniň açylyşy 7-nji oktýabrda "Aşgabat" kinoteatrynda "Beýik sähranyň daňy" atly gazak filminiň görkezilmegi bilen başlanar. Şol gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde "Kurmangazy" adyndaky gazak halk saz gurallarynyň milli orkestri çykyş eder.

Şol bir wagtyň özünde "Türkmenistan" kino-konsert merkezinde Roza Baglanowa adyndaky "Qazaqkonsert" Döwlet akademiki konsert guramasynyň saz topary konsert berer.

8-nji oktýabrda türkmen tomaşaçylaryna ýene bir "Paralimpiýaçy" atly gazak filmi görkeziler. Medeniýet günleri 9-njy oktýabrda Mukamlar köşgünde Gazagystanyň we Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň uly bilelikdäki konserti bilen tamamlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň