Günorta Koreýada 80 ýaşly Çhwe Sun Hwa atly zenan milli gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna çykdy diýip, «Oddity Central» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.
Pensiýadaky zenan ilkibada bäsleşige gatnaşmak meýliniň bolmandygyny, guramaçylar tarapyndan bäsleşigiň şertleri üýtgedilenden soňra mümkinçilikden peýdalanmagy ýüregine düwendigini gürrüň berýär. Onsoňam ol köp wagtdan bäri moda işewürliginde işläp, bu ugurdan ýeterlik tejribesi bar ekeni.
Zenan 72 ýaşynda zenan egin-eşikleriniň mahabatynda işlemäge özüni şepagat uýasyka hassahanada bejergi alýan hassalaryň biriniň ruhlandyrandygyny sözüniň üstüne goşdy. Şondan soňra Çhwe bu ugurdan işde arakesme wagty türgenleşip, Seulda geçen moda hepdeligine gatnaşypdyr.