Top.Mail.Ru

Ýaponiýaly ömrüni «iki esse uzaltmak» üçin gije-gündizde 30 minut uklaýar

16:0105.09.2024
0
9752
Ýaponiýaly ömrüni «iki esse uzaltmak» üçin gije-gündizde 30 minut uklaýar
Surat: gazeta.ru

Ýaponiýaly ömrüni iki esse uzaltmak üçin gije-gündizde bary-ýogy 30 minut uklaýandygyny gürrüň berdi diýip, «South China Morning Post» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.

Daýsuke Hore diýen erkek kişi soňky 12 ýyl bäri günde ýarym sagat uklaýandygyny aýdýar. Ol şunda güýç toplamak üçin dowamly ukynyň däl-de, has oňat hilli uklamagyň möhümdigini nygtaýar. Ol şeýle etmek bilen, ömrüni iki esse uzaldýandygyna ynanýar.

Hore ilkibada oýananda, ukynyň basmarlaýandygyny, emma munuňam çäresini tapandygyny aýdýar. «Eger siz sport bilen meşgullanýan ýa-da naharlanmazdan öňürti kofe içýän bolsaňyz, ukudan açylsa bolýar» diýip, ol öz usuly barada pikirini paýlaşýar.

Emma lukmanlar Daýsukä öýkünmezligi, munuň saglyga zyýan ýetirip biljekdigini duýdurýarlar. Olar oňat hilli we dowamly ukynyň ýürek-damar ulgamynyň işi, iýmit siňdiriş we beýni üçin peýdalygyny aýdýarlar. Munuň üçin uly ýaşlylara her gije sekiz sagada çenli ukyňy almak gerek.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň