Russiýanyň Oba hojalyk gözegçilik edarasy tarapyndan geçirilen döwlet barlagynyň netijesinde şu ýyl alnan 42,5 mln tonnalyk bugdaý hasylynyň 77,1 göteriminiň azyk maksatlydygy anyklandy diýip, «Interfax.ru» habar berýär.
«Ýaramaz tebigy-howa şertleriniň bolandygyna garamazdan, bu ýyl azyklyk bugdaýyň möçberi 32,5 mln tonna (77,1 göterim) boldy, bu geçen ýylyň degişli döwründäkiden 5,7 göterim köpdür» diýlip, edaranyň habarynda bellenýär.
Bu ýyl azyklyk ýumşak dänäniň barlagy ýurduň sebitleriniň 55-sinde, gaty däne boýunça 15 sebitde geçirildi.