Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

30-njy awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

14:1530.08.2024
0
9303

Aşgabatd TOPH gaz geçirijisiniň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy, Serdar Berdimuhamedow Aleksandr Lukaşenkony 70 ýaş toýy mynasybetli gutlady, Türkmenistanda ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygy başlanýar we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Türkmenistanyň paýtagtynda «TAPI Pipeline» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň mejlisi geçirildi, onda Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçiriji taslamasyny durmuşa geçirmegiň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyga gatnaşyjylar bu giň gerimli energetika taslamasynyň sebit üçin strategiki ähmiýetine ünsi çekdiler we ony durmuşa geçirmek boýunça nobatdaky ädimleri ara alyp maslahatlaşdylar. Direktorlar geňeşi taslama boýunça işleri işjeň dowam etdirmegiň we gaz geçirijisiniň gurluşygyny üstünlikli tamamlamak üçin meýilleşdirilen ähli çäreleri durmuşa geçirmegiň zerurdygyny nygtady.

2. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko şanly 70 ýaş toýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Türkmenistanyň döwlet Baştutany hatynda Lukaşenko berk jan saglyk, abadançylyk we bagtyýarlyk, Belarus Respublikasynyň halkynyň bähbidine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda täze üstünlikleri arzuw etdi.

3. 2024-nji ýylyň 1 – 30-njy sentýabry aralygynda Türkmenistanda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» şygary bilen giň gerimli biraýlyk geçiriler. Bu çäre Aşgabat, Arkadag şäherlerini we ýurduň ähli welaýatlaryny gurşap alar. Bu çäräniň maksady raýatlara ýol hereketiniň düzgünleri barada maglumat bermek, düzgünleriň bozulmagynyň öňüni almak we ähli ýol hereketine gatnaşyjylara hormat bilen çemeleşmegi ýola goýmak.

4. Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda beýik şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk konserti uly üstünlik bilen geçirildi. Konserte ýurduň ähli welaýatlaryndan we Arkadag şäherinden ussat bagşylar gatnaşdy. Konsert teatrlaşdyrylan çykyş hökmünde göz öňünde tutulany üçin, sahna türkmeniň ak öýi görnüşinde bezeldi.

5. Aşgabatda Türkmenistan bilen Özbegistanyň wekilleriniň arasynda ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça möhüm gepleşikler geçirildi. Geçirilen duşuşyklaryň dowamynda taraplar energetika pudagynda häzirki gatnaşyklaryň ýagdaýyny giňişleýin seljerip, ony giňeltmegiň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Ýangyç-energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak üçin Aşgabat bilen Daşkendiň arasynda täze mümkinçilikleriň gözlegine aýratyn üns berildi.

6. Aşgabatda Owganystanyň wekiliýeti bilen möhüm ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda owgan tarapy ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösüş ýoluna düşen Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtady. Ara alyp maslahatlaşmalarda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meselesine möhüm orun berildi. Giň gerimli bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine aýratyn üns çekildi.

Dünýäde

7. Namibiýanyň hökümeti soňky onýyllygyň dowamynda iň agyr gurakçylykdan ejir çeken ýaşaýjylary iýmit bilen üpjün etmek üçin 723 ýabany haýwany soýmak meýilnamasyny tassyklady. Daşky gurşaw, tokaý hojalygy we syýahatçylyk ministrligi awlamaga rugsat berlen haýwanlaryň arasynda 83 piliň, 30 begemotyň, 60 gäwmişiň, 50 impalanyň, 100 gök gnu sugunynyň, 300 zebranyň we 100 antilopanyň bardygyny habar berdi. Aw milli seýilgählerde we «aw haýwanlarynyň sany durnukly» bolan jemgyýetçilik zolaklarynda geçiriler. Bu işi ýerine ýetirmek üçin ussat awçylar hakyna tutuldy.

8. ABŞ-nyň ýaşaýjysy, 80 ýaşly Enni Judis üç minutdan gowrak wagt planka ýagdaýynda duran iň garry aýal hökmünde öz adyny Ginnesiň rekordlar kitabyna ýazdyrdy. Onuň görkezijisi 4 minut 3 sekunt boldy. Ýakyn wagtda 81 ýaşyny doldurjak Judis işjeň durmuş ýörelgesini alyp barýar. Ol hepdede üç gezek türgenleşýär we tejribesini öz blogynda paýlaşýar, onuň sahypasynyň 65 müňden gowrak agzasy bar. Enni türgenleşik wagtynda adatça bedenini planka ýagdaýynda bir minut töweregi saklaýar. Enni merhum adamsy Geriniň hatyrasyna rekord goýmak kararyna geldi. Olar är-aýal hökmünde 44 ýyllyk durmuşyň dowamynda üç çagany ulaltdylar we köplenç, sport zalynda biri-biri bilen bäsleşýärdiler. Bu Judisiň ilkinji üstünligi däl. Ol 75 ýaşynda ýüpde bökýän iň garry türgen hökmünde rekordyň eýesi boldy. Indi Enni täze belentliklere ýetmegi meýilleşdirýär, meselem, ol turnikde iň uzak wagtlap asylyp duran iň garry adam bolmak isleýär.

Sport habarlary

9. Meşhur portugaliýaly futbolçy Kriştianu Ronaldu Çempionlar ligasynyň taryhynda iň köp pökgi geçiren oýunçy hökmünde abraýly baýrak bilen sylaglandy. «Sporting», «Mançester Ýunaýted», «Real Madrid» we «Ýuwentus» ýaly klublarda çykyş eden Ronaldu ýaryşyň 183 oýnunda 140 pökgi geçirip, täsirli rekord goýdy. Onuň Çempionlar ligasyndaky üstünlikleri hakykatdanam ajaýyp: ýaryşyň bäş gezek ýeňijisi, ýedi gezek möwsümiň iň köp pökgi geçiren oýunçysy, bir möwsümde iň köp pökgi geçirmek boýunça rekordyň eýesi we üç finalda tapawutlanan ýeke-täk oýunçy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň