Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň we Tatarystanyň daşary söwda dolanyşygy 13,4% ýokarlandy

10:0530.08.2024
0
5522

2023-nji ýylyň ahyrynda Türkmenistanyň we Tatarystanyň daşary söwda dolanyşygynyň ösüşi 13,4% boldy. Hyzmatdaşlyk maşyn gurluşygy, nebit-gaz pudagy we «Halkara hyzmatdaşlyk we eksport» milli taslamasy boýunça beýleki ugurlarda alnyp barylýar diýip, Tatarystanyň Senagat we Söwda ministrligi habar berdi.

Özara gatnaşyklaryň geljegi Kazanda geçirilen Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň nobatdaky dokuzynjy mejlisine gatnaşyjylar tarapyndan ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistan we Tatarystan senagat, oba hojalygy, daşky gurşawy goramak, syýahatçylyk, medeniýet hem-de beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk edýär.

Sebitiň senagat we söwda ministri Oleg Korobçenko: «Tatarystandan eksportyň esasy ugry ýangyç we nebit, gury ýer ulagy, mehaniki enjamlar we agaç ýaly harytlar toparydyr. Tatarystan Türkmenistandan plastmassa we plastmassa önümlerini, şeýle hem ýüň import edýär» diýdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň