Şu gün, 29-njy awgustda Türkmenistanda saparda bolýan Owganystanyň magdan we nebit önümleri ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji H.Badriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary Aşgabatda geçirilen duşuşyklara gatnaşdylar. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Owganystanyň Magdan we nebit önümleri ministrliginiň wekilleri türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik we geçirilýän duşuşyklaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigi üçin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Myhmanlar ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösüş ýoluna düşen Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtadylar.
Geçirlen duşuşyklarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri we bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň giň möçberli meýilnamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Owganystanly myhmanlar halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin ähli zerur mümkinçilikleriň döredilen ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda amala aşyrylýan taslamalara gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtadylar.