Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

TFF-niň iň owadan gollar boýunça ilkinji ses berlişigi tamamlandy

15:5429.08.2024
0
6710

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy milli çempionatyň 20-nji tapgyrynyň iň owadan goluny saýlady. Janköýerleriň federasiýasynyň jemgyýetçilik torundaky sahypasynda ses bermegi netijesinde «Şagadamyň» hüjümçisi Musa Nurnazarowyň «Aşgabat» toparynyň derwezesinden geçiren goly 20-nji tapgyryň iň owadan goly hökmünde ykrar edildi.

«Tapgyryň iň owadan goly» diýen at üçin «Merwden» Abdyresul Abdyýewiň, «Şagadamdan» Musa Nurnazarowyň, «Köpetdagdan» Galabeg Jumamyradowyň, «Altyn Asyrdan» Röwşengeldi Halmämmedowyň, «Ahaldan» Elman tagaýewiň, «Merwden» Perman Hallyýewiň we «ARKADAG» futbol toparyndan Ilýa Tamurkiniň geçiren gollary dalaş etdi.

Ses berlişikde «Ahal» futbol toparynyň kapitany Elman Tagaýewiň geçiren goly ikinji, «Merwden» Perman Hallyýewiň geçiren goly bolsa üçünji orny eýeledi.

Tapgyryň iň owadan gollaryndan ybarat wideogörnüşe 3500-den gowrak adam tomaşa etdi ― diýip, TFF resmi saýtynda habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň