Top.Mail.Ru

Lebap sement zawodynyň önümleri daşary ýurtlara eksport edilýär

12:4829.08.2024
0
5160

Özbegistan 2023-nji ýylda Lebap sementiniň 107,5 müň tonnadan gowragyny satyn aldy. Owganystan, Gyrgyzystan ýaly ýurtlaryň işewürleri hem Lebap sementine isleg bildirýärler. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde çap edilen makalada bellenilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň işe girizilmegi bilen, bu ýerde öndürilýän «PS-600» görnüşli semente isleg has-da artýar. Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň gurlup işe girizilmegi Türkmenistanyň dürli künjeklerinde gurulýan desgalaryň ýokary hilli bolmagyny üpjün eder.

Zawodda her ýylda öndüriljek 2 million tonna sementiň bir bölegi daşary ýurtlara eksport ediler diýlip, makalada bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň