Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. TDH-nyň habar berşi ýaly, Gahryman Arkadag bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işi, şäheri mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri, ösüp gelýän ýaş nesliň saglygyny dikeltmek bilen baglanyşykly ýerine ýetirilýän işler bilen gyzyklandy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri haýyr-sahawat gaznasynyň Arkadag şäherindäki ştab-kwartirasynda bolup, bu ýerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarowyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň, şäheriň häkimi G.Mämmedowanyň, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň direktory M.Öküzowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda şu ýylyň dowamynda degişli düzümler boýunça alnyp barylýan işler hem-de öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek babatda işlenip taýýarlanan maksatnamalar barada habar berildi.
Ilki bilen, Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan meýilnamalaýyn işleri barada aýdylyp, şunda gaznanyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň we ony yzygiderli ösdürmegiň meselelerine aýratyn ähmiýet berildi. R.Bazarow öz hasabatynda kömege mätäç çagalaryň 400-den gowragyna degişli operasiýalaryň geçirilendigini, Türkmenistanyň Prezidentiniň tagallasy bilen ýurduň welaýatlarynyň çagalar sagaldyş merkezlerine haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna Germaniýa Federatiw Respublikasynyň “B.Braun” kompaniýasynyň dowamly böwrek keselinden ejir çekýän näsaglaryň saglygyny gowulandyrmaga ýardam berýän “Dialog+” kysymly gemodializ enjamlarynyň sowgat berlendigini aýtdy. Mundan başga-da, gaznanyň hasabyna dünýäniň birnäçe döwletiniň tebigy heläkçilikler zerarly ejir çeken çagalaryna ynsanperwerlik ýükleriniň ugradylandygy, ýurtda bellenilýän şanly seneler mynasybetli çagalara ýörite sowgatlaryň gowşurylandygy barada hasabat berildi. Aýratyn-da, gaznanyň howandarlyk etmeginde, 14 ýaşa çenli çagalaryň arasynda yglan edilen “Biz — Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri” atly surat çekmek bäsleşiginiň ähmiýetli bolandygy nygtaldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri çeper döredijilik bilen meşgullanýan çagalaryň çeken suratlaryny synlap, olarda gözel tebigatyň, sahawatly türkmen topragynyň özboluşly aýratynlyklarynyň şekillendirilmeginiň ösüp gelýän ýaş nesilleriň Watana, onuň özboluşly tebigatyna bolan söýgüsiniň we buýsanjynyň aýdyň beýanydygyny aýtdy we bu işleri yzygiderli dowam etdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Hormatly Arkadag öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine örän jogapkärçilikli, toplumlaýyn esasda çemeleşmegiň zerurdygyna ünsi çekdi hem-de degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Soňra Arkadag şäheriniň häkimi ýurtda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli guraljak dabaralara taýýarlyk, şu ýyl 1-nji synpa kabul edilen çagalara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan kompýuterleri gowşurmak, Arkadag şäherindäki umumybilim berýän 1-nji orta mekdepde BMG-niň Çagalar gaznasynyň goldaw bermeginde Robototehnika bilim merkezini açmak dabaralaryna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Arkadag şäheriniň orta we ýörite orta okuw mekdeplerinde, şeýle-de ýokary okuw mekdebinde täze okuw ýylynyň ilkinji sapagynyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyna bagyşlanjakdygy barada aýdyldy.
Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow häzirki döwürde sebitde ilkinji “akylly” şäher hökmünde ykrar edilen täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
M.Öküzowanyň çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi tarapyndan degişli döwürde alnyp barlan işler bilen baglanyşykly meseleler baradaky hasabatynyň çäklerinde bu ýerde näsag çagalaryň 20-ä golaý görnüşli bejergi alandyklary aýdyldy.
Arkadag şäheriniň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň işini degişli derejede guramagyň zerurdygyny belläp, türkmen halkynyň Milli Lideri bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.
Gahryman Arkadag ýurtda asylly işleri dabaralandyrmak bilen bagly wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde hemmelere rowaçlyklary arzuw etdi.