Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan bilen Eýran bilelikdäki söwda zolagyny döretmäge taýýarlanýar

11:3226.08.2024
0
4956
Türkmenistan bilen Eýran bilelikdäki söwda zolagyny döretmäge taýýarlanýar
Surat: newscentralasia.net

Türkmenistan bilen Eýran bilelikdäki söwda zolagyny döretmäge taýýarlanýar. Ol Eýranyň Gülistan welaýatynyň Inçeburun şäherinde ýerleşer.

Bu 2000 töweregi ilaty bolan kiçijik şäher bolup, bu ýerde Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýol geçelgesi hereket edýär.

Şäheriň meýdany 12,577 gektar (takmynan 125 inedördül kilometr) we Gülistan welaýatynyň paýtagty Gorgan şäherinden 40 km uzaklykda ýerleşýär.

«Newscentralasia»-nyň habaryna görä, Inçeburun erkin zolagynyň dolandyryjy müdiri Malek Hosseýni bu erkin zonanyň artykmaçlyklary hökmünde aşakdakylara ünsi çekdi:

Eýran — Türkmenistan — Gazagystan demir ýol liniýasynyň geçmegi, Inçeburun serhet terminalynyň bolmagy, halkara howa menziline ýakynlyk, GDA ýurtlarynyň we Merkezi Aziýanyň gür ilatly bazarlary bilen ýakyn baglanyşyk, taryhy howpsuzlyk, galla, energiýa baýlyklary, minerallar, azyk önümleri, nebit önümleri üçin bazarlar bu sebite maýa goýmak üçin aýratyn mümkinçilik hasaplamak bolar.

Sebitiň geljekdäki meýilnamalary şulary öz içine alýar: 1600 senagat bölümini döretmek; 47000 iş ýerini döretmek; 2041-nji ýyla çenli ýük mukdaryny 20 million tonna çenli ýokarlandyrmak; Inçeburun erkin söwda zolagy guramasynyň kärhanalaryna ýerli jemgyýetiň ünsüni çekmek; demir ýol ulaglarynyň ýük geçirijilik mukdaryny takmynan 13 million tonna çenli ýokarlandyrmak; importy 6 million tonna artdyrmak; eksportyň ösüşi 6,2 milliard dollar çenli ýokarlandyrmak; sebitiň üstaşyr geçirijiligini 2 million tonna çenli ýetirmek.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň