Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Sergeý Butin Russiýanyň daşary işler ministriniň birinji orunbasary wezipesine bellendi

12:3919.08.2024
0
6868
Sergeý Butin Russiýanyň daşary işler ministriniň birinji orunbasary wezipesine bellendi
Surat: ria.ru

Russiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Butin daşary ýurt edarasynyň ýolbaşçysynyň birinji orunbasary wezipesine bellendi. Bu barada degişli Karara RF-niň Prezidenti Wladimir Putin gol çekdi diýip, TASS habar berdi.

Sergeý Butin 1964-nji ýylda doguldy, Moskwanyň M.W.Lomonosow adyndaky döwlet uniwersitetiniň Aziýa we Afrika ýurtlary institutyny tamamlady. Iňlis we ýapon dillerini bilýär.

Ol 1996-njy ýyllarda Russiýanyň daşary işler minsitrliginiň merkezi edarasynda dürli diplomatik wezipelerde, şol sanda Ýaponiýada işledi. 2023-nji ýyldan bäri RF-niň daşary işler ministriniň orunbasary boldy, işgärleriň işiniň we baş sekretariatyň meselelerine jogap berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň