Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Röwşen aýakgaplary» «Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» atly sergide önümlerini tanyşdyrýar

12:1319.08.2024
0
9003

«Röwşen aýakgaplary» meşhur türkmen aýakgap kärhanasy 19 — 22-nji awgust aralygynda Aşgabatda geçirilýän çagalar üçin niýetlenen harytlaryň we hyzmatlaryň «Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» atly sergi-ýarmarkasyna gatnaşmak bilen, önümlerini tanyşdyrýar.

Myhmanlar kärhananyň diwarlygynda ýokary hilli materiallary we häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanyp öndürilen çaga aýakgaplary, guşaklar we torbalar bilen tanşyp bilerler.

Şeýle hem diwarlykda örän amatly bahalardan — 210 manatdan 220 manada çenli köp dürli görnüşli mekdep aýakgaplary hödürlenilýär.

Sergä gatnaşyjylar bu ýerde diňe bir halaýan önümlerini satyn almak bilen çäklenmän, eýsem aýakgaplary dogry saýlap almakda kärhananyň hünärmenlerinden maslahat hem alyp bilerler.

«Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» atly sergi-ýarmarkasy «Garagum» myhmanhanasynyň arka ýüzündäki sergi meýdançasynda, şu salgyda geçirilýär: Aşgabat ş., A.Nyýazow şaýoly bilen Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň çatrygy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň