Azerbaýjandaky Sumgaýyt senagat parkynyň «Az-Teh-Import» jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýeti ýük ulaglaryny Russiýa, Türkmenistana, Eýrana we Gruziýa eksport etmegi meýilleşdirýär diýip, «Trend» habar berdi.
Ýurduň Ykdysadyýet ministrligindäki Ykdysady zolagy ösdürmek boýunça agentligiň maglumatlaryna laýyklykda, bu ýyl senagat zolagynyň çäginde «IVECO» nyşanly ýeňil, orta we agyr ýük ulaglarynyň önümçiligi başlanar.
«Az-Teh-Import» jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýeti tarapyndan dolandyrylýan «IVECO» zawodynyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda, golaý aýlarda onda enjamlar oturdylyp başlanar. Kärhana 90 adamy hemişelik iş orny bilen üpjün eder. Onda her ýyl 100 awtoulag öndüriler diýlip, garaşylýar we olar içerki bazarda ýerlener, şeýle hem Russiýa, Gruziýa, Türkmenistana we Eýrana eksport ediler.