Turkmenportal logo
16.08.24
70117011
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Meksikada Şeýnbaumyň Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanandygyny tassykladylar
Meksikada Şeýnbaumyň Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanandygyny tassykladylarSurat: report.az

Meksikanyň Saýlaw kazyýeti Klaudiýa Şeýnbaumyň 2-nji iýunda geçen Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanandygyny biragyzdan tassyklady. Kazyýet diňlenişigi sosial ulgamdaky sahypasynda göni ýaýlymda görkezildi diýip, «Report» ýazýar.


«Taryhy döretmegi dowam ederis» bileleşigi tarapyndan saýlawlarda dalaşgärlik eden Şeýnbaum Pardonyň ýeňşini Saýlaw kazyýetiniň başlygy Moniko Soto Fregoso resmi yglan etdi. Kazy şeýle hem, täze saýlanan Prezidentiň wezipesini 2024-nji ýylyň 1-nji oktýabryndan 2030-njy ýylyň 30-njy sentýabryna çenli eýelejekdigini habar berdi.


Meksikanyň Milli saýlaw institutynyň saýtynda ýerleşdirilen maglumatlara görä, Şeýnbaum üçin saýlawçylaryň 59,7594 göterimi ses berdi.