Top.Mail.Ru

Ärdogan: BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň gurluşy düýpli özgerdilmeli

10:3416.08.2024
0
5678
Ärdogan: BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň gurluşy düýpli özgerdilmeli
Surat: trend.az

Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Howpsuzlyk Geňeşini düýpgöter özgertmek gerek. Bu barada Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Milletler Bileleşiginiň baş sekretary Antoniu Guterrişe ýüzlenmesinde ýazdy diýip, «Trend» habar berýär.

«BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça wezipesini ýerine ýetirmekden uzakdadygyny nazarda almak bilen, uruşlar tutuş dünýäni gaplap almazdan, köp sanly adamlar we jemgyýetler ejir çekmezden we bigünä adamlaryň gany dökülmezden öň, düýpli özgerdilmelidir» diýip, Prezident Ärdogan ýazdy.

Türkiýäniň döwlet Baştutany öz ýurdunyň geljekde-de adalatly halkara ulgamyny we häzirki günüň şertlerine laýyk gelýän BMG-niň HG-ni döretmek ugrunda ak ýürekden iş alyp barýan dostlaryny goldajakdygyny ýüzlenmesinde nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň