Top.Mail.Ru

Hytaýda ene-ata 37 ýyla çeken gözlegden soňra ogluny tapdy

12:1615.08.2024
0
7511
Hytaýda ene-ata 37 ýyla çeken gözlegden soňra ogluny tapdy
Surat: gazeta.ru

Hytaýda ene-atasy 37 ýyllyk gözlegden soňra öz ogullaryny tapdylar diýip, «The South China Morning Post» neşiri habar berdi.

Habar beriş serişdeleriniň ýazmagyna görä, 1986-njy ýylda jübütleriň ogly dünýä indi, emma ertesi garry enesi çagany ene-atasynyň gaty garypdygy barada pikir bilen, keseki adamlara berdi.

Birnäçe wagtdan soňra ejesi we kakasy körpäniň gözlegine başladylar, olar diňe çaganyň Çžao familiýaly adama berlendigini bilýärdiler.

Olar otuz ýyllap ýurdy aýlanyp, çagalaryny gözlediler. Tizara Pan familiýaly bir erkek kişiniň ganynyň nusgasynyň ene-atanyň gany bilen gabat gelýändigi anyklandy. Polisiýanyň işgärleriniň kömegi bilen, Pan diýen erkek kişi dünýä inen ýeri bolan Weýnanda hakyky ene-atasy bilen duşuşdy.

«Sen şunça ýyllap nädip ýaşadyň?» — ejesi bilen kakasynyň oňa beren ilkinji sowaly şu boldy. Sosial ulgamdan peýdalanyjylar erkek kişiniň garry enesini ýazgaryp, «Onuň eden işini aklar ýaly däl» diýip ýazdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň