Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Annaorazow: «Altyn asyr» «Hindistana» ýeňiş gazanmak üçin geldi»

16:1713.08.2024
0
10050

Şu gün Hindistanyň Kalkutta şäherinde Aşgabadyň «Altyn Asyr» futbol toparynyň baş tälimçisi Ýazguly Hojageldiýew bilen tejribeli goragçy Serdar Annaorazow AFK-nyň Çempionlar ligasy 2-niň «Ist Bengal» topary bilen geçiriljek saýlama duşuşygynyň öňüsyrasynda geçirilen metbugat ýygnanyşygyna gatnaşdy. Bu barada «Janköýer» sport neşiri ýazýar.

Ýygnanyşykda ilkinji sowallar goragçy Serdar Annaorazowa gönükdirildi. Ol toparyň ýeňiş gazanmak üçin ähli mümkinçilikleriniň bardygyna aýratyn ünsi çekdi.

– Oglanlarymyz duşuşyga taýýar. Hindistana ýeňiş gazanmak üçin geldik. Hemmämizde ýeňiş ruhy bar. Duşuşykda tälimçimiziň görkezmelerini dürs ýerine ýetirip, öňümizde goýan maksadymyza ýetip bileris diýip tama edýärin – diýip, ol duşuşykdan garaşýan netijesi barada aýtdy.

«Ist Bengal» – «Altyn Asyr» duşuşygy ertir – 14-nji awgustda şu şäherdäki «Salt Leýk» stadionynda geçiriler. Duşuşygyň Aşgabat wagty bilen, takmynan, 18:30-da başlanmagyna garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň