Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Altyn asyr» AFK-nyň Çempionlar ligasy ― 2-niň saýlama duşuşygynyň öňüsyrasynda Hindistanda türgenleşýär

11:5413.08.2024
0
8489
«Altyn asyr» AFK-nyň Çempionlar ligasy ― 2-niň saýlama duşuşygynyň öňüsyrasynda Hindistanda türgenleşýär
Surat: "Janköýer"

Aşgabadyň «Altyn asyr» futbol topary AFK-nyň Çempionlar ligasy ― 2-niň saýlama tapgyrynyň çäginde «Ist Bengal» topary bilen 14-nji awgustda geçiriljek duşuşyk üçin Hindistanyň Kalkutta şäherine baryp, bu ýerde ilkinji türgenleşiklerini geçdi. Bu barada «Janköýer» sport neşiri habar berýär.

Hindistana ugramazyndan öň bolsa «Altyn Asyr» Aşgabatda Marynyň «Merw» futbol topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Bu duşuşyk Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleriniň 2:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

«Ist Bengal» ― «Altyn asyr» duşuşygy şu şäherdäki «Salt Leýk» stadionynda geçiriler. Duşuşygyň Aşgabat wagty bilen, takmynan, 18:30-da başlanmagyna garaşylýar. «Altyn Asyr» bu duşuşykda garşydaşyndan üstün çykyp bilse, AFK-nyň Çempionlar ligasynyň ikinji derejeli ýaryşynyň toparçalaýyn bölegine goşular. Topar hindistanly garşydaşyndan ýeňilse, yklym ýaryşlardaky ýoluny AFK-nyň Çagyryş ligasyndan dowam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň