Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Angliýanyň Banky Patyşa Karl III keşbi şekillendirilen kagyz pullaryň satuwyndan 914 müň funt gazandy

09:3713.08.2024
0
5104
Angliýanyň Banky Patyşa Karl III keşbi şekillendirilen kagyz pullaryň satuwyndan 914 müň funt gazandy
Surat: kapital.kz

Angliýanyň Banky Patyşa Karl III keşbi şekillendirilen täze kagyz pullaryň satuwyny geçirdi we umumy 914 müň funt sterling (1,17 mln dollar) gazandy. Bu barada «Interfax.ru» ýazýar.

MB-niň habaryna görä, bu söwdalaşyklarda banknotlar üçin rekord nyrh gazanyldy, 50 funtluk kagyz pul 26 müň funta satyldy. Şeýle-de HB01 00002 belgili 10 funt sterlinglik kagyz pul üçin 17 müň funt tölenildi.

Angliýanyň Banky toplanan serişdeleri 10 sany haýyr-sahawat guramalaryna, şol sanda eklenji pes bolan maşgalalardaky çagalara kömek bermek bilen meşgullanýan «The Childhood Trust», psihologiki kynçylyklary bolan adamlara kömek edýän «Shout» we gyssagly kömek üçin lukmanlaryň dikuçarda uçuşlaryny töleýän «London's Air Ambulance Charity» guramalaryna bermekçi.

Karl III keşbi şekillendirilen banknotlar 2024-nji ýylyň iýunynda dolanyşyga goýberildi. Patyşa aýal Ýelizaweta II keşbi ýerleşdirilen pullar kanuny töleg serişdesi bolmagynda galýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň