Turkmenportal logo
12.08.24
92559255
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Serdar Berdimuhamedow Braziliýada ýolagçy uçarynyň heläkçilige uçramagyna gynanç bildirdi
Serdar Berdimuhamedow Braziliýada ýolagçy uçarynyň heläkçilige uçramagyna gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Luis Inasiu Lula da Silwa ýurduň San-Paulu ştatynda ýolagçy uçarynyň heläkçilige uçramagy hem-de bu betbagtçylygyň köp sanly adam pidalaryna getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada "Türkmenistan" gazeti habar berýär.


Habarda bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini beýan etdi.