Top.Mail.Ru

Ispaniýanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndysy finalda Fransiýanyň ýygyndysyny utup, Olimpiýa oýunlarynyň çempiony boldy

06:1010.08.2024
0
8493

Ispaniýanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň Ýewropa çempionatyndaky üstünliginden soň ýurduň olimpiýa ýygyndysy hem Pariž ― 2024-iň altyn medalyna mynasyp boldy. «Park de Prensde» geçirilen we 120 minutlap dowam eden final duşuşygynda Ispaniýanyň ýygyndysy ýer eýelerini ― fransuzlary 5:3 hasabynda ýeňdi.

8 golly duşuşykdaky gol ýagmyrynyň başyny eýýäm 11-nji minutda Fransiýanyň ýygyndysy Enso Miýonyň tapawutlanmagynda başlady. Ýöne Ispaniýa bu gol çalt jogap berdi. Fermin Lopes Martin bilen 18-nji minutda hasaby deňlän Ispaniýa şondan 7 minut soňra ýene şol oýunçynyň tapawutlanmagynda hasapda öňe geçdi. 28-nji minutda jerime urgusyny gola öwren Aleks Baena Ispaniýanyň ýygyndysynyň peýdasyna hasaby 3:1-e getirdi. Ýöne Fransuzlar 79-njy minutda Magnes Akliuşe we 90+3-nji minutda Žan-Filipp Mateta bilen hasaby deňlemegi başardylar.

Esasy wagty 3:3 hasabyndaky deňlik bilen tamamlanan duşuşygyň ýarym sagatlyk goşmaça minutlarynda Ispaniýanyň ýygyndysynyň wekili Serhio Kamelýo 100-nji we 120+1-nji minutlarda tapawutlanyp, ýygynda altyn medal gazandyrdy. Şeýlelikde, Ispaniýa Olimpiýa oýunlarynyň futbol ýaryşynyň täze çempiony boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň