Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlarynyň habar beriş serişdeleriniň meseleleri boýunça ygtyýarly edaralaryň konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy

10:5909.08.2024
0
7793

8-nji awgustda Astana şäherinde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň we Merkezi Aziýanyň maglumat giňişligini ösdürmegiň çäginde Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlarynyň habar beriş serişdeleriniň meseleleri boýunça ygtyýarly edaralaryň konsultatiw duşuşygy geçirildi. Bu barada HHM habar berýär.

Maslahata Gazagystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň ygtyýarly guramalarynyň wekilleri we Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary Annasähet Kakaýew gatnaşdy.

Çäräniň dowamynda gatnaşyjylar metbugat sowatlylygyny ýokarlandyrmak we galp maglumatlaryň ýaýramagyna garşy görülmeli çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar. Mundan başga-da, media pudagynda global kynçylyklara garşy göreşmek üçin bilelikdäki tagallalaryň ähmiýeti nygtaldy.

Maslahatyň gün tertibinde esasy meseleleriň biri Merkezi Aziýada umumy maglumat giňişligini döretmekden ybarat boldy. Taraplar Merkezi Aziýa teleýaýlymyny we sebitleýin media platformasyny döretmek mümkinçiligine garamak barada ylalaşdylar. Bellenip geçilşi ýaly, şeýle ädimler maglumat howpsuzlygyny berkitmek we medeni alyş-çalşygy ösdürmek boýunça tagallalara goşulmaga mümkinçilik berer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň