Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Moskwa uçan ýolagçy uçarynyň asmanda aýnasy çat açdy

16:2607.08.2024
0
10667
Moskwa uçan ýolagçy uçarynyň asmanda aýnasy çat açdy
Gazeta.ru

Russiýanyň awiakompaniýasynyň uçarynyň asmanda uçuş wagty maňlaý aýnasy çat açdy. Bu barada «Aviaincident» Telegram-ýaýlymyna salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi.

«Boeing 737-800» uçary Çelýabinskiden Moskwa uçdy. Uçarmanlar alyn aýnanyň daşky gorag gatynyň jaýryk atandygyny gördüler. Emma ýagdaýa garamazdan, olar yza — Uralyň paýtagtyna dolanman, uçuşy dowam etdiler. Uçarmanlar betbagtçylyk barada habar bermän, birnäçe sagatdan soňra sag-aman Moskwanyň Şeremetýewo halkara howa menzilinde gondular.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň