Top.Mail.Ru

Türkmenistanyň futbol çempionaty «Energetiksiz» dowam eder

15:2906.08.2024
0
18811

Mary şäheriniň «Energetik» futbol topary Türkmenistanyň çempionatynyň öňde duran aýlawlaryna we Kubok ýaryşyna gatnaşmaz. Bu «Janköýer» neşiriniň möwsümiň galan bölegi bilen bagly paýlaşan senenamasyndan soň mälim boldy. Indi ýurduň çempionlygy we Kubogy üçin göreşi sekiz topar dowam etdirer.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, milli çempionatyň üçünji aýlawyna 16-njy awgustda badalga berler. Şol gün «Ahal» paýtagtyň «Aşgabat» toparyny kabul eder. 17-nji awgustda bolsa tapgyryň «Arkadag» – «Şagadam» we «Nebitçi» – «Köpetdag» duşuşyklary geçiriler. Bu tapgyrdaky «Altyn Asyr» – «Merw» duşuşygy 27-nji sentýabra geçirildi.

Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryş, ozalky meýilleşdirilişi ýaly, deslapky tapgyrdan däl-de, çärýekfinal duşuşyklaryndan başlanar. Ýaryşa 20-nji awgustda badalga berler. Türkmenistanyň Naýbaşy kubogy ugrundaky duşuşyk bolsa 29-njy sentýabrda «Arkadag» we «Ahal» toparlarynyň arasynda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň