Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gyrgyzystan Çarwadarlaryň V Bütindünýä oýunlarynyň hormatyna şaýylyk pullary çykardy

13:0001.08.2024
0
8307
Gyrgyzystan Çarwadarlaryň V Bütindünýä oýunlarynyň hormatyna şaýylyk pullary çykardy
Surat: daryo.uz

Şu ýylyň 8-13-nji sentýabrynda Astanada geçjek Çarwadarlaryň V Bütindünýä oýunlaryna gabatlap, Gyrgyz Respublikasynyň Merkezi banky hümmeti 10 som bolan şaýy pullaryň toplumyny çykardy. Bu barada maliýe edarasynyň habaryna salgylanýan «Daryo.uz» ýazýar.

«Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlary» toplumynyň şaýylyklary däp bolup gelýän «at çabyş» gyrgyz sportuna bagyşlanan. Teňňäniň ýüz tarapynda ippodromyň şekiliniň öňünde iki sany atly, Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlarynyň nyşany ýerleşdirilipdir. Arka ýüzünde at çapýanlar barada ýordumyň dowamy we Gyrgyzystanyň döwlet Tugrasy şekillendirilipdir. Şaýy pullaryň jemi 1000 sanysy çykarylar, olaryň umumy bahasy 5580 soma deň. Olar ýurduň çäginde resmi töleg serişdesidir.

Çarwadarlaryň V Bütindünýä oýunlaryna 89 ýurtdan 2 müňden gowrak türgeniň hem-de 100 müňden gowrak jahankeşdäniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň